Ulanmak şertleri

  • «Asmanexpress» ykjam goşundysyny AppStore hem-de Google Play internet dükanlaryndan ýükläp alyň.
  • Ykjam goşundyny ýükläniňizden we telefonyňyza gurnaňyzdan soň, hasaba alynmak üçin telefon belgini we başga zerur maglumaty yzygiderli tertipde görkezilen ýerlere girizmeli.

Eger siz saýta girmedik bolsaňyz, onda www.asmanexpress.com salgysyny gözlediň.

Ýokary tarapyň sag burçunda çykan «Agza bol» diýen ýazga basyň.

Hasaba alynmak üçin adyňy, familiýaňy we telefon belgiňi yzygiderli tertipde görkezilen ýerlere girizmeli.

Maglumatlary girizeniňizden soň, «Agza bol» düwmesine basyň.

Sahypa ýüklenenden soň, üstünlikli hasaba alnandygyňyz barada habarnama ýüze çykar.

«Agza bol» sahypasynda girizen telefon belgiňiz esasynda ulgama girmek sahypasy ýüze çykar. «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Soňra bir minudyň dowamynda telefon belgiňize tassyklaýyş kody geler (Eger tassyklaýyş kody gelmedik ýagdaýynda girizen maglumatlaryňyzyň we telefon belginiň dogrudygyny barlaň).

Bu kody aşaky bölekde ýerleşen boş öýjüge giriziň we «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Gutlaýarys, siz biziň saýtymyzda hasaba alyndyňyz!

 Sargyt etmek

  • Telefonyňyzda «Asmanexpress» ykjam goşundyny açyň, gowşuryş salgysyny saýlaň we sebete zerur harytlary goşuň.
  • Islän töleg usulyňyzy (nagt ýa-da bank karty) görkeziň we sargyt tassyklamasyna garaşyň.
  • Biziň çaparlarymyz, sargydyňyzy mümkin boldugyça gysga wagtda Aşgabadyň içinde görkezilen salga iberer.
  • Mundan başga-da, «Asmanexpress» ykjam goşundyda gurlan onlaýn kartada sargydyň hakyky wagtda iberilişini yzarlap bilersiňiz.

Sargytlaryňyz nädogry yerine yetrilende, «Asmanexpress» operatora ýüz tutup bilersiňiz.

Operatorlar hepdäniň 7 güni 09:00-22:00 aralygynda hyzmat berýär.

Habarlaşmak üçin: (+993 64) 75 59 97.