Biz barada

Biz barada

Asmanexpress – piker edişiňdenem ÇALT!

 

Asmanexpress — Türkmenistanda 10 minutda eltip bermek hyzmatyny hödürleýän ilkinji onlaýn tehnologiki platformasydyr. Asmanexpress muny her bir müşderä barlap görmegi teklip berýär. Müşderiniň wagtynyň her bir minudyny möhüm hasaplaýan Asmanexpress onlaýn platformasy öz müşderilerine iň gowy tekliplerini, aksiýalary hem-de sowgatlary hödürleýär. 

Onlaýn tehnologiki platforma iň arzan, iň çalt hem-de yokary hilli azyk harytlaryndan başlap, öý-hojalyk harytlarynyň 5 müňden gowrak görnüşini hödürleýär. Olaryň üsti yzygider artdyrylýar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içinde el ýeterlidir. 

«Asmanexpress» — döwrüň ösmegi bilen sanly ulgamda alyjylaryň söwda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.  Ol söwda zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin özüniň bäş bölüminiň hyzmatyny hödürleýär:

  • Asmanexpress - satyn alan harytlaryňyzy size bary-ýogy 10 minutda eltip berýär. Bu ýerde minimum sargyt 29.00 manat möçberinde bolmaly. Eltip bermek hyzmaty – 9,99 tmt. Mugt eltip bermek hyzmaty – 199,00 tmt mukdardan geçilse.
  • Arassa asman - 19 litrlik süýji agyz suwuny, dürli görnüşli çüýşeli suwlary, täze iýmitleri, konditer önümleri bary-ýogy 10 minutda eltip berýär. Arassa Asman suwuny barlap görmek üçin 10 günlik sargyt edip ajaýyp mümkinçilik bar.
  • Asmanmega — tutuş maşgala üçin lomaý harytlary satyn almaga we ony 30 minutda öýüňize eltip bermäge mümkinçilik berýär. Sargytlaryň iň pes mukdary 129.00 tmt. Eltip bermek hyzmaty – 14,99 tmt. Mugt eltip bermek hyzmaty – 349,00 tmt mukdardan geçilse. 
  • Asmanshop — 90 minutda öýüňize dünýä belli markaly brend geýimleri getirip, şol eşikleri özüňe ölçäp görmek hyzmatyny hödürleýär. 
  • Asmanjobs — size işgär tapmak we işe ýerleşmek boýunça ýakyndan ýardamçyňyz bolup biler.

 

Sargyt eden harytlaryňyzy onlaýn yzarlaň:

«Asmanexpress» onlaýn söwda platformasynda sargyt eden harydyňyza doly gözegçilik edip bilýärsiňiz. Gerek harydyňyzy sebede geçirip, sargydy tassyklanyňyzdan soň, ony getirýän çaparyň nireden gelýändigini kartadan yzarlap, şeýle-de onuň salgyňyza takmynan näçe minutdan geljekdigini anyklap bilersiňiz.

Tölegi nähili görnüşde töläp bolýar?

Tölegi nagt we kart görnüşinde töläp bilersiňiz.


Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: +99364 755997+99361282393
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com