Eltip bermek we tölegi

Eltip bermek we tölegi

«Asmanexpress» onlaýn hyzmat platformasy harytlary eltip bermek hyzmatyny Aşgabat şäheriniň ähli ýerlerinde amala aşyrýar. 

 

Asmanexpress – dessine islän zadyňy almak üçin...

Häzirki wagtda sargytlar ammarlarymyzyň bar bolan ýerlerinden sanlyja minutda eltip berýäris we ýakynda bütin Aşgabat şäherinde tiz eltip bermek hyzmatyny ýola goýular.  

Eltip bermek hyzmaty her gün sagat 7:30-dan 23:00 aralygynda alnyp barylýar. 

 

Eltip bermek hyzmatynyň tölegi:

29,00 — 199,00 manat aralygynda edilen sargyt üçin — 5,99 manat;

Sargyt 199,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda mugt eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

 

Asman mega  – uly söwdalar üçin...

Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň ähli ýerlerine 30-45 minutda amala aşyrylýar. 

Sargydyň iň pes mukdary 129,00 manat bolmalydyr.

 Söwdaňyz 349,00 manatdan geçse eltip bermek hyzmaty mugt.

 

Nädip sargyt etmeli?

  • Özüňize gerekli bolan islendik zady saýlap, sebede ýükläň.
  • “Sebedim” bölümine geçiň.
  • Eltip bermek üçin zerur maglumatlary giriziň (Anyk salgyňyz we telefon belgiňiz).
  • “Tölege geç” düwmesine basyň.
  • Eltip bermek hyzmatynyň we töleg etmegiň oňaýly görnüşini saýlaň.
  • Petegi saýlaň (öz “Şahsy otagyňyzda” petek el ýeterli bolsa)
  • Sargydy tassyklaň.
  • Çapara garaşyň.

Sargyt üçin töleg etmegiň görnüşleri

Asmanexpress onlaýn hyzmat platformasyndan edilen sargyt üçin dürli amatly usulda töleg etmek bolýar: nagt,bank karty arkaly we onlaýn.

Sargydyň tölegi harytlary görüp, olary kabul edip alanyňyzdan soň tölenýär. Kabul edilen we tölegi tölenen haryt yzyna kabul edilmeýär.

 

Üns beriň! Telefon belgisiniň nädogry görkezilmegi ýa-da ýalňyş salgy berilmegi sargytlary müşderä gowşurmakda goşmaça wagt egleýändir! Şol sebäpden hem sargyt eden mahalyňyz görkezen maglumatlaryňyzy üns bilen barlamagyňyzy haýyş edýäris!

Sargyt edeniňizde ýa-da eltip bermegiň möhleti bilen bagly sorag ýüze çykan ýagdaýynda şu telefon belgä jaň edip menejerleri bilen habarlaşmagyňyzy soraýarys: +993 64 755997