Köplenç berilyän soraglar

«Аsmanexpress» ykjam goşundyda nädip hasaba alynmaly?

  •  «Asmanexpress» ykjam goşundysyny AppStore hem-de Google Play internet dükanlaryndan ýükläp alyň.
  • Ykjam goşundyny ýükläniňizden we telefonyňyza gurnaňyzdan soň, hasaba alynmak üçin telefon belgini we başga zerur maglumaty yzygiderli tertipde görkezilen ýerlere girizmeli.
  • Soňra bir minudyň dowamynda telefon belgiňize tassyklaýyş kody geler, gelen kody ýazyň we ykjam goşundyny ulanyň.
  • Her täze müşderä «Аsmanexpress» sargyt üçin 15 manat hem-de 3 gezeklik mugt eltip bermek hyzmaty sowgat berilýär. Hem-de «Asmanmega» söwda edilende bolsa 20 manat we 3 gezeklik eltip berme hyzmaty sowgat hökmünde berilýär.  

Eger siz saýta girmedik bolsaňyz, onda Google-dan www.asmanexpress.com salgysyny gözlediň.

Ýokary tarapyň sag burçunda çykan «Agza bol» diýen ýazga basyň.

Hasaba alynmak üçin adyňy, familiýaňy we telefon belgiňi yzygiderli tertipde görkezilen ýerlere girizmeli.

Maglumatlary girizeniňizden soň, «Agza bol» düwmesine basyň.

Sahypa ýüklenenden soň, üstünlikli hasaba alnandygyňyz barada habarnama ýüze çykar.

«Agza bol» sahypasynda girizen telefon belgiňiz esasynda ulgama girmek sahypasy ýüze çykar. «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Soňra bir minudyň dowamynda telefon belgiňize tassyklaýyş kody geler (Eger tassyklaýyş kody gelmedik ýagdaýynda girizen maglumatlaryňyzyň we telefon belginiň dogrudygyny barlaň).

Bu kody aşaky bölekde ýerleşen boş öýjüge giriziň we «Dowam etmek» düwmesine basyň.

Gutlaýarys, siz biziň saýtymyzda hasaba alyndyňyz!

 

Saýtyň ýokary böleginiň sag tarapyndaky «Petekler» düwmesine basyp, saýta täze giren ulanyjylara berilýän ýeňillikli petekler bilen tanşyp bilersiňiz. 

Has takygy, bu ýerde «Аsmanexpress» tarapyndan sargyt üçin 15 manat hem-de 3 gezeklik mugt eltip bermek hyzmaty täze giren ulanyjylara hödürlenilýär. Hem-de «Asman mega» söwda edilende bolsa 20 manat we 3 gezeklik eltip berme hyzmaty sowgat hökmünde berilýär. 

Nädip sargyt etmeli?

  • Telefonyňyzda «Asmanexpress» ykjam goşundyny açyň, gowşuryş salgysyny saýlaň we sebete zerur harytlary goşuň.
  • Islän töleg usulyňyzy (nagt ýa-da nagt däl) görkeziň we sargyt tassyklamasyna garaşyň.
  • Biziň çaparlarymyz, sargydyňyzy mümkin boldugyça gysga wagtda Aşgabadyň içinde görkezilen salga iberer.

Mundan başga-da, «Asmanexpress» ykjam goşundyda gurlan onlaýn kartada sargydyň hakyky wagtda iberilişini yzarlap bilersiňiz.

Sargytlar nädogry ýerine ýetirilende kime ýüz tutmaly?

  • Sargytlaryňyz nädogry yerine yetrilende, «Asmanexpress» operatora ýüz tutup bilersiňiz.
  • Habarlaşmak üçin: (+993 64) 75 59 97.
  • Operatorlar hepdäniň 7 güni 09:00-22:00 aralygynda hyzmat berýär.

Näme üçin meni «Asmanmega» hyzmatyna geçirýär?

  • ilki bilen, «Asmanexpress» hyzmatyndan çykan bolmagyňyz mümkin;
  • ikinjiden, saýlan sargydyňyzyň mukdary çalt eltilmegi üçin zerur rugsat edilýän agramdan ýokary bolmagy ähtimal. Agram çäkleri 10kg.
  • üçünjiden, «Аsmanmega» hyzmatyndan haryt saýlap alan bolmagyňyz mümkin.

Ýokardakylaryň hiç biri siziň meseläňize laýyk gelmeýän bolsa, (+993 64) 75 59 97 belgili müşderi goldaw merkezine jaň ediň.